Harby atlar dakyldy

16 Iýun 2021
1072

Ýurdumyzda uly dabaralara beslenip geçirilen Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler jaýynda Gullugyň hataryna işe täze kabul edilen we hünär taýýarlygyny üstünlikli geçen ýaş harby gullukçylara harby atlary dakmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda harby gullukçylara leýtenant harby atlary dakyldy we olara hünär taýýarlygyny üstünlikli geçendigi barada şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Gün-günden ösýän we özgerýän Türkmenistan Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, bilime, ylma uly üns berilýär. Bilim ojaklarynda berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagy ugrunda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Hawa, eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, Döwlet migrasiýa gullugynda hem harby gullukçylara sanly ulgam arkaly okuw sapaklary dowamly okadylýar. Ine, şol gün hem Gullugymyzyň hataryna işe kabul edilen ýaş harby gullukçylaryň birnäçesi nobatdaky leýtenant harby adyna eýe boldy. Biz hem hünär taýýarlyk okuwlaryny üstünlikli geçip, leýtenant harby adyna we şahadatnamalara eýe bolan ýoldaşlarymyzyň ählisini tüýs ýürekden gutlaýarys!

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.