Ylymly ýaşlar — röwşen geljegimiz

16 Iýun 2021
1312

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Ýaş alymlaryň bäsleşigine Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Ýakup Orunow hem gatnaşyp, 2-nji orna eýe bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldy. Harby talyp ýoldaşymyzyň gazanan bu ajaýyp üstünligi geljekki harby-lukmanlaryň, ýagny fakultetiň harby talyplarynyň diňe bir okuw maksatnamasy esasynda bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň ylmy kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn hem harby-lukmançylyk ylmyny ösdürmekde, ylmy açyşlary, innowasion tejribeleri, ylmy barlaglary alyp barýandyklaryna şaýatlyk edýär.

Türkmen talyp ýaşlarynyň ylymly-bilimli bolmaklary, olaryň döwür bilen aýakdaş gidip, ylym bilen yzygiderli meşgullanmaklaryny gazanmak ugrunda amala aşyrýan bimöçber işlerinde hormatly Belent Serkerdebaşymyza berk jan saglyk, uzak ömür, hemişe üstünlikleriň we rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!

Isa ARSLANOW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň harby-lukmançylyk fakultetiniň harby talyby.