Gutardyş synaglary guramaçylykly geçirildi

15 Iýun 2021
1005

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerini tamamlaýan uçurymlar jemgyýeti öwreniş dersinden gutardyş synaglaryny tabşyrdylar. Gutardyş döwlet synaglary Ýolöten etrabyndaky umumybilim berýän orta mekdeplerde hem guramaçylykly geçirildi. Mary welaýatynyň mekdepleriniň arasynda ähli babatda ýokary görkezijileri bilen tapawutlanýan bu etrabyň bilim bölümine degişli mekdepleriň 48–si bolup, şu okuw ýylynda jemi 1 müň 885 sany uçurym orta mekdebi tamamlaýar.

2020 — 2021-nji okuw ýylynda döwlet derejesinde geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginde dürli ugurlara degişli derslerden welaýat boýunça jemi 42 orna mynasyp bolundy. Welaýatyň etrapdyr şäherleriniň arasynda tapawutlanyp, şeýle abraýly üstünligiň agramly bölegine eýe bolmak, ýagny ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 9 orny gazanyp, ýokary netije görkezmek Ýolöten etrabynyň mekdepleriniň paýyna düşdi. Elbetde, etrabyň welaýat we döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde şeýle üstünlikleri gazanmagy, okuw ýylynyň ýokary netijeler bilen jemlenmegi mekdep mugallymlarynyň çekýän ýadawsyz zähmetleriniň aýdyň görkezijisidir. Şunda etrapdaky 17-nji orta mekdebiň mugallymy Nurgözel Sadykowa, 45-nji orta mekdebiň mugallymlary Oguljahan Rejepgulyýewa, Aýgözel Goşaýewa, 20-nji orta mekdebiň mugallymy Muhtar Muhammedow ýaly päk zähmetleri bilen abraý tapan, öz hünäriniň ussady bolan mugallymlaryň hyzmatyny aýratyn bellemek has-da ýakymly.

Akmaral WELIÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».