Röwşen geljegimiziň şamçyragy

15 Iýun 2021
1054

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim pudagyna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde gazanylýan üstünlikler, oňyn netijeler, ylmyň we bilimiň ösdürilmegi, ähli pudaklaryň döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi ösüşiň belentliklerine tarap barýan ýurdumyzyň kuwwatly döwlete öwrülmegine ýardam edýär. Şeýle ösüşleriň esasynda bolsa yhlasly hem joşgunly zähmet bar.

«Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň durmuşa geçirilýändigini döwlet syýasatymyzda, il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutumly beýik işlerde aýdyň görmek bolýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine kybap gelýän giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär, ylym-bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär.

Bägül BAÝGELDIÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».