Sanly bilim dünýäsinde

15 Iýun 2021
1122

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Häzirki wagtda milli Liderimiziň parasatly başlangyjy bilen kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamynyň giň mümkinçiliklerinden, döwrebap tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmagy ajaýyp netijesini berýär. Muňa mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlarymyzyň her okuw ýylynda milli we halkara derejede geçirilýän dürli görnüşli ylym-bilim, taslama-döredijilik bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda merjen paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk toý-dabaralary bilen utgaşyklylykda jemlenen 2020-2021-nji okuw ýylynda-da ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlary şeýle bäsleşikleriň ençemesinde üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga mynasyp goşantlaryny goşdular. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bildirýän belent ynamyna türkmen ýaşlarynyň hemişe mynasyp jogap bermäge çalyşýandyklaryny görkezýär.

Annanur MUHAMMETBERDIÝEW,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap bilim bölüminiň hünärmeni.