Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy

14 Iýun 2021
938

Serdar şäheriniň we etrabynyň polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresini geçirdik. «Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy» atly çärämize medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri we okyjylar gatnaşdylar.

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz söze, kitaba uly sarpa goýýar hem-de halkyna döwet-galamyndan çykan ajaýyp kitaplarynyň ençemesini sowgat etdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy biziň her birimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Kitapda merjen şäherimiz Aşgabadyň baý taryhy, şöhratly şu güni, röwşen geljegi hakynda gyzykly, çeper, täsirli söhbet edilýär. Baş şäherimiziň dürli künjeklerinden düşürilen fotosuratlary synlanyňda, gözel paýtagtymyza gaýybana syýahat eden ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Milli Liderimiziň täze kitaby röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillerimizi ata-babalarymyzyň belent ruhunda terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýedir» diýip, çärede çykyş edenler buýsanç bilen gürrüň etdiler. 

Gurbansoltan ATAÝEWA,
Serdar etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.