Alahöwren

14 Iýun 2021
3171

Ol alahöwrendir. Ýurdumyzyň käbir ýerlerinde onuň adyny haşlawuk ýa-da keseýörän diýip hem tutýarlar. Bu atlaryň biri onuň hereket edişini, ýene biri üstüne abanýan howpy howatyrlandyryjy alamatyny sypatlandyrýar. Bu ýylanyň dünýäde 12 kowumdaşy bolup, olar Günorta Aziýada we Afrikada ýaýrandyr.

Alahöwrenler ýurdumyzyň çägelik, toýunlyk, şorluk, daşlyk ýerlerinde, derýalaryň gyrmançalary guran akym ugurlarynda, harabalyklarda, gum gaýaly gyrlaryň erňeklerinde ýaşaýarlar. Olara Uly we Kiçi Balkanda, Köpetdagda, Köýtendagda deňiz derejesinden 500-700 metr beýiklikde hem duşmak bolýar.

Elmira ROZUMOWA,
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň laboranty.