Talyp gyzyň üstünligi

14 Iýun 2021
1266

Ylymlar gününde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň köp sanlysyna Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýlary gowşuryldy. Türkmen oba hojalyk institutynyň gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Jennet Bäşimowa bäsleşige «Ders gerdejiklerini kultiwator arkaly berip, gowaçany ösdürip ýetişdirmegiň innowasion usuly» atly ylmy işi bilen gatnaşyp, ikinji orna mynasyp boldy. Biz talyp gyzy gazanan üstünligi bilen gutlap, onuň bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol ýürek joşgunyny şeýle beýan etdi:

— Şu gün meniň durmuşymda ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Oňa begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige gatnaşyp, ýeňiji boldum. Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýy bilen sylaglanmagym meni geljekki ylmy gözleglere ruhlandyrdy.

Mahym KULBAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi geňeşiniň hünärmeni.