Belent ynam bilen ýagty geljege

14 Iýun 2021
785

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň kuwwatlanmagy bilen birlikde täze türkmen jemgyýeti kemala geldi. Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş ugrunda saýlap alan ýolunyň bedew badyna bütin dünýä haýran galýar. Bary-ýogy 30 ýylyň içinde türkmen döwletiniň geçen ýoly asyrlara barabardyr.

Häzirki wagtda güneşli ülkämiziň ähli ýerinde bolşy ýaly, etrabymyzda hem baýramlarymyzyň naýbaşysyny mynasyp sowgatly garşylamak ugrunda janypkeşlikli zähmet gaýnap-joşýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda sanly ulgama geçmek we täzeçil usullary ulanmak arkaly ösüş gazanmak ýola goýulýar. Şeýle özgertmeler ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda, ýaşlar syýasatynda, ilatymyzyň saglygyny gorap saklamakda hem özüniň mynasyp ornuny tapýar. Milli Liderimiziň döwletli tutumlaryny özünde jemleýän bilim özgertmeleri, ilkinji nobatda, ýaş nesliň, şeýle-de bilim işgärleriniň, guwanjyna, buýsanjyna beslenýär. Güneşli Diýarymyzyň ähli ýerinde gurlup, ulanylmaga berlen we gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik edaralary kompýuter enjamlary, multimediýa tehnologiýalary bilen doly üpjün edilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleriň eşretini görüp yhlasly zähmet çekmek bolsa bagtyýarlygyň nyşany. Biz milli Liderimiziň bedenterbiýäniň köpçülikleýinligini gazanmak, sporty ösdürmek, sagdynlyk ýörelgelerini rowaçlandyrmak boýunça öňde goýýan wezipelerinden, bildirýän talaplaryndan ugur alyp, mekdebimiziň ýaşlaryny bu möhüm ugurlara höweslendirmekde, olara köptaraplaýyn goldaw bermekde netijeli işleri alyp barýarys. Bilim, zehin we dürli sport ýaryşlary, medeni we köpçülikleýin çäreleri ýokary ruhubelentlikde geçirýäris. Geçirýän sport ýaryşlarymyz okuwçylaryň beden taýdan sagdynlygyny, erjelligini görkezýän bolsa, okuw sapaklary boýunça geçirilýän ders bäsleşikleri olaryň arasyndan has zehinlilerini ýüze çykarmaga ýardam edýär.

Enejan MÄMMEDOWA,
Saýat etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlygy.