Çäksiz mümkinçilikler

14 Iýun 2021
953

«Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda güneşli Diýarymyzda ykdysadyýetde sanly özgertmeler giň gerimde durmuşa geçirilýär we ähli pudaklar sanlylaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmak bilen bir hatarda sanly bilimiň we hyzmatlar ulgamynyň hem ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Bu ulgama geçmek bilen ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini öňküden has-da gowulandyrmak üçin ýörite hyzmatlar hem döredilýär. Raýatlar medeni-durmuş harytlarynyň söwdasyny plastik kart arkaly amala aşyrýarlar. Sanly ykdysadyýetde esasy maksat tizlik, amatlylyk we tygşytlylyk bolup, internet bilen sanly ulgamyň baglanyşykly bolmagydyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty netijesinde dogry saýlanylyp alnan bu özgertmeler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösmegini üpjün edýär.

Dilber BAZAROWA,
Farap etrabyndaky 11-nji «Jeýhun» çagalar bakja-bagynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.