Uly bagtdan nyşan

14 Iýun 2021
970

Bilim ojagymyz etrabymyzyň mekdepleriniň arasynda dürli derejelerdäki ders bäsleşiklerinde ýylyň-ýylyna uly üstünliklere eýe bolýan zehinli okuwçylary bilen tanalýar. Golaýda tamamlanan okuw ýylynda gazanylan netijeler hem guwandyryjy boldy. Şeýle buýsandyryjy üstünlikler hakynda gürrüň etmek örän ýakymlydyr.

«Altyn asyryň altyn zehinleri» ady bilen geçirilýän bäsleşige okuwçylarymyz ýylyň-ýylyna gatnaşýarlar. Geçen okuw ýylynda bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna okuwçylarymyzyň birnäçesi gatnaşdy we örän şowly çykyş etdi. Oňa matematika dersi boýunça döwlet tapgyrynda üçünji orny eýelän 11-nji synp okuwçymyz Kakajan Iskenderowyň gazanan üstünligi aýdyň mysallaryň biridir. Ony bu bäsleşige durmuşynyň 40 ýyla golaýyny mugallymçylyk kärine bagyş eden Aýtöre Şaripowa taýýarlady. Häzirki günlerde bolsa Kakajan jemleýji döwlet synaglaryna gatnaşyp, ýokary bahalara mynasyp bolýar. Biz onuň mekdebimizi üstünlikli tamamlap, abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biriniň talyby boljakdygyna ynanýarys.

Maraljan DURDYÝEWA,
Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň ýokary derejeli mugallymy.