Dynç alyş şatlyga beslensin!

14 Iýun 2021
806

Mekdep okuwçylarynyň dynç alýan, täze okuw ýyly üçin güýç toplaýan häzirki günlerinde olaryň saglygy hakynda gürrüň etmegi we bu babatda degişli maslahatlary bermegi zerur hasaplaýarys. Sebäbi bu möwsümde ýaşlaryň boş wagtlary has köpräk bolýar. Olarda dynç almak, gezelenç etmek üçin giň mümkinçilikler döreýär. Şeýle şertlerde çagalaryň köpçülik ýerlerinde, ilkinji nobatda bolsa, köçelerde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini berk berjaý etmekleri esasy talap bolup durýar.

Olaryň degişli kadalary gowy bilmekleri we olary dogry berjaý etmekleri üçin diňe bir mugallymlaryň ýa-da olaryň ene-atalarynyň däl, eýsem, tutuş jemgyýetimiziň jogapkärçilik çekýändigini aýratyn nygtasymyz gelýär.

Sylap TAGANOW,
Dänew etrap polisiýa bölüminiň Garaşsyzlyk şäherçe polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçiligi toparçasynyň ýolbaşçysy, polisiýanyň maýory.