Bilimli nesil — kuwwatly Watan

14 Iýun 2021
1019

Guwandyryjy netijeler

Ajaýyp gülleýişler bilen ösýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamynda amala aşyrylýan beýik işler, ýetilen belent sepgitler her birimizi guwandyrýar. Hormatly Arkadagymyzyň: “Ýaşlarymyzy ylymly-bilimli edip ýetişdirmek, ýokary watançylyk, päk ahlaklylyk we belent ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek elmydama biziň baş maksadymyz bolmagynda galar” diýen dürdäne sözleri ýaş nesliň ylymda-bilimde täze üstünlikleri gazanyp, Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerine ruhlandyrýar.