Ýylyň talyby — 2021

11 Iýun 2021
1677

Golaýda «Ýylyň talyby» Döwlet bilim bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guraýan bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Mähri Şamyradowa yglan edildi.

Mälim bolşy ýaly, «Ýylyň talyby» Döwlet bilim bäsleşigine özüniň ýokary görkezijileri boýunça tapawutlanan talyplar gatnaşýarlar. Olar atly talyp haky we tölegli ýokary okuw mekdeplerinde soňky jemlenen ýarym ýyllykdaky toplan ballary üçin aýratynlykda kesgitlenilýär. şeýle hem ylmy-döredijilik we dersara bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleri, medeni-köpçülikleýin çärelere gatnaşygy, sport üstünlikleri, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlary üçin kesgitlenen bal ulgamy bilen bahalandyrylyp, her ýokary okuw mekdebinden iň ýokary netije gazanan talyp jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýar. Jemleýji tapgyrda ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik edýän talyplar Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş dersi, kompýuter sowatlylygy, türkmen dili we iňlis dili dersleri boýunça taýýarlanan test sowallaryna jogap berdiler. Şeýle hem talyplar saýlap alan ugurlary esasynda gysga sahna, çeper okaýyş, aýdym-sazly erkin çykyşlar boýunça özara bäsleşdiler.

Ýörite habarçymyz.