Suwy süýjetmek — wajyp wezipe

9 Iýun 2021
1822

Daşky gurşawy goramak meselesi häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň biridir. Ekologiýa meseleleriniň möhüm ugurlarynyň biri-de ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekdir. Sebäbi agyz suwy adamlaryň saglygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Membranaly ýa-da ters osmos hem-de termiki ýagdaýlar — köp basgançakly dessin gaýnadyp arassalamak we köp sütünli gaýnadyp arassalamak — suwy süýjetmegiň esasy usullarydyr. Suwy süýjetmekde elektrik dializ hem-de tehnologiýalaryň beýleki usullary ulanylýar, ýöne olar deňiz suwuny köp mukdarda süýjetmekde ykdysady taýdan elýeterli däldir.

Muhammetgeldi ÇOPANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty.