Yhlasyň höziri

7 Iýun 2021
1313

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde Watanymyzy mundan beýläk-de ösüşiň ak ýoly bilen alyp gitjek ýaşlary kemala getirmekde uly işler alnyp barylýar. Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň edep-terbiýeli bolmaklary ugrunda mugallymlar yhlasly zähmet çekýärler.

Ýurdumyzda mugallymlaryň arasynda hem bäsleşikler guralýar we olarda ökde mugallymlar ýeňiş gazanýarlar. Şolaryň biri hem Sakarçäge etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy Mähriban Ýemşikowadyr. Ol 2015-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady we şol ýyl hem ýokarda ady agzalan mekdepde işe başlady. Oňa ilki mekdebiň halypa mugallymlary goldaw berdiler. Häzirki wagtda Mähriban mugallym ökde mugallymlaryň hatarynda tanalýar. Onuň okadýan okuwçylary ders bäsleşiklerine gatnaşyp, döwlet we welaýat tapgyrlarynda öňdäki orunlara mynasyp bolýarlar. Onuň zehinli okuwçylaryndan Gözel Ahmedowany, Dünýä Satlykowany, Laçyn Durdylyýewany, Ogulşat Baýramowany we beýlekileri görkezmek bolar.