Test synaglarynyň sanly ulgamlar arkaly alnyşy

6 Iýun 2021
1018

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ülňüleriniň derejesinde bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Milli bilim ulgamynda sapaklary döwrebap multimedia usullarynda alyp barmak işi giň gerim aldy. Ýokary okuw mekdeplerinde her ugur boýunça çyzgylary, shemalary, testleri özünde jemleýän okuw gollanmalarynyň sanly görnüşde taýýarlanylmagy talyplaryň bu ugurda bilimleriniň artmagyna, başarnyklarynyň we endikleriniň ösmegine uly ýardam berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem okuw sapaklarynyň ýokary innowasion tehnologiýalar arkaly guralmagyna uly ähmiýet berilýär. Geçilen sapaklaryň döwrüň talaplaryna laýyk gelmegini gazanmak üçin test synaglaryny sanly ulgamlar arkaly almak hem bu ugurdaky nusgalyk işleriň biridir. Institutda Ýaponiýa döwletinde öndürilen enjamyň ulanylyşa girizilmegi bu ugurdaky işleriň ilerlemegine täsir etdi.

Meýlis NEPESOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maglumatlar we okatmagyň tehniki serişdeleri bölüminiň birinji derejeli inženeri.