Sanly ulgamyň ähmiýeti

3 Iýun 2021
1201

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ösüşiň täze mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar, beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Esasan hem tehnologiýalaryň ösmegi, kompýuter enjamlaryň durmuşa giňden ornaşmagy bilen beýik ösüşler gazanylýar. Şonuň netijesinde sanly ulgam ösdürilýär, dürli pudaklarda bu ugruň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Innowasiýalaryň, kompýuter tehnologiýalarynyň, internet ulgamynyň giňden ulanylmagy, milli bilim syýasatyny düýpli ösdürmäge şert döretdi.

Ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri kompýuterler, multimedia enjamlary, lingafon otaglary, internet ulgamy bilen üpjün edildi. Bu bolsa öz gezeginde, birnäçe işleriň ýeňilleşmegine, wagtyň tygşytlanmagyna, islendik wagtda, birnäçe ugra degişli maglumatlary çalt tapmaga mümkinçilik berýär. Bilim ulgamynda sanly tehnologiýaly enjamlaryň ornaşdyrylmagy ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmek babatda giň şertleri döredýär. Mugallymlaryň we talyplaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekde dürli elektron gollanmalardan peýdalanmak mümkinçiligini artdyrýar.

Maksat UWDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.