Türkmenmetbugat — islendik wagt siziň bilen!

30 Maý 2021
1037

Hormatly okyjylar, gürrüňiň näme hakda gitjekdigini goýlan sözbaşydan hem aňan bolsaňyz gerek. Hawa, biziň beýan etmek islän zadymyz ýurdumyzda çap edilýän döwürleýin neşirleriň 30-a golaýynyň elektron görnüşini özünde jemleýän Türkmenmetbugat internet sahypasy hakynda. «Turkmenmetbugat.gov.tm» elektron neşiriniň öz işine başlanyna bary-ýogy bir ýyla golaý wagt geçen hem bolsa, onuň okyjylar köpçüliginiň arasynda giňden tanalýandygy hem-de abunaçylarynyň sanynyň barha artýandygy örän guwandyryjydyr.

Şu ýerde sözümizi bir wakany gürrüň bermek bilen dowam etsek, ýerine düşse gerek. Birnäçe ýyl mundan ozal orta mekdebe gatnap ýören körpe jigim Merdan çagalar neşirlerinden başlap, gündelik çykýan gazetleriň, žurnallaryň hakyky muşdagydy. Has anygy, ol heniz başlangyç synpda okaýan hem bolsa, käbir gündelik neşirlerde berilýän çagalar üçin ýörite sahypalarda çap edilýän suratlary synlamagy, şolara meňzetjek bolup, surat çekip oturmagy gowy görýärdi. Şonuň üçin hem ol her gezek aragatnaşykçynyň gazet-žurnallary getirerine sabyrsyzlyk bilen garaşardy.

Täzegül KULJIKOWA,
«Bereketli toprak».