Zehinli ýaşlar — Watanymyzyň geljegi

7 Maý 2021
1245

Çuňňur dünýägaraýyş, giň gözýetim, pikirlenip bilmek ukyby geljekki hünärmenler — bu günki talyp ýaşlar üçin örän möhüm. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda her ýylda «Ýylyň talyby» döwlet bilim bäsleşigi geçirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bu bäsleşigiň uniwersitet tapgyry geçirilip, aýratyn ýatda galyjy boldy.

Geçirilýän bäsleşigiň uniwersitet tapgyryna 11 fakultetiň hersinden iň ýokary görkeziji gazanan 1 talyp gatnaşdy. Talyp ýaşlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş dersleri — Türkmenistanyň taryhy, filosofiýa, sosiologiýa, ykdysady nazaryýet, Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary, şeýle hem türkmen, iňlis dilleri, kompýuter sowatlylygy boýunça kompýuterde test sowallaryna jogap berdiler. Olaryň görkezen netijeleriniň awtomatiki usulda ekranyň ýüzünde peýda bolmagy, birinjiden, wagty tygşytlamaga, ikinjiden, bäsleşigi açyklyk ýagdaýynda alyp barmaga şert döretdi.

Mähri ŞAMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň talyby.