Başlangyç synplarda bilim-terbiýe bermek

6 Maý 2021
1202

Başlangyç synplarda çagalara berilýän bilimiň, terbiýäniň netijeli bolmagy üçin, ilkinji nobatda, mugallymyň baý iş tejribesiniň bolmagy zerurdyr. Kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň daş-töweregindäki zatlara göz ýetirmeginde, olaryň aň-düşünjesiniň, ukyp-başarnygynyň ösmeginde öwrediji oýunlaryň uly ähmiýeti bar. Körpeliginden höwes bilen oýnaýan oýunlary çaga durmuşynyň bir bölegi bolup durýar. Mugallym dürli oýunlary guraýarka, ünsli gözegçilik etse, her bir çaganyň özüne mahsus bolan aýratynlygyny — gylyk-häsiýetini, zehinliligini, başarnygyny ýüze çykaryp biler.

Şonuň bilen bir hatarda, terbiýeçilik ähmiýetli dürli usullaryň kömegi arkaly guralýan oýunlarda çaganyň ünsi, pikirlenmesi, söz baýlygy, ýatkeşligi, hasaplamak endikleri ösdürilýär. Öwrediji oýunlar arkaly bolsa çagalaryň öz gurşawyndaky ýagdaýlar baradaky düşünjeleri baýlaşýar. Şeýle hem gözellik, birek-birege hormat goýmak duýgularynyň, gyzyklanmalarynyň artmagy, olaryň akyl taýdan ösmegi oýunlaryň gyzykly guralmagyna baglydyr.

Kümüş HALNAZAROWA,
Çärjew etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň mugallymy.