Sanly bilim ulgamy — täze mümkinçilikler

5 Maý 2021
1224

Bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň dünýä derejesine çykarylmagy ugrunda bimöçber aladalar edýär. Çünki bilim ulgamy ýurduň ösüşini kesgitleýän esasy ulgamlaryň biridir. Şonuň üçin hem häzirki döwürde ylymly-bilimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesine tutuş dünýäde möhüm meseleleriň biri hökmünde garalýar.

Ussat hünärmenler milli ykdysadyýetiň kuwwatlanmagyna, ýurduň halkara abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagy, olaryň dünýäde ykrar edilen okuw maksatnamalarynyň esasynda okadylmagy, täzeçe we düýpli pikirlenip bilýän ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär.

Turamerjen TAGANOWA,
Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.