Guwandyryjy üstünlik

4 Maý 2021
1723

Merjen şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna barýan häzirki şanly günlerimizde ýurdumyzyň bilim işgärleriniň arasynda yglan edilen «Ýylyň mugallymy — 2021» atly bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyry Gökdepe etrabyndaky Gurbannazar Ezizow adyndaky ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Natalýa Saparowa ajaýyp üstünlik getirdi. Indi birnäçe ýyldan bäri bilim ulgamynda işlemek bilen, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde baý tejribe toplan mugallym bu bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy. Tejribeli mugallymyň gazanan üstünligi ählimizi begendirdi.

— Mugallymçylyk jogapkärli we arzyly kär. Bu käre ykbalyny baglan ynsan hemişe täzeçillige ymtylýar. Işiňe yhlasly we döredijilikli çemeleşseň tejribäň baýlaşyp, üstünlik hemraň bolýar. Munuň şeýledigine «Ýylyň mugallymy — 2021» atly bäsleşikde turuwbaşdan göz ýetirdim. Ýurdumyzyň Bilim ministrligi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan bilelikde yglan edilen bäsleşigiň etrap we welaýat tapgyrlarynda-da, paýtagtymyzda geçirilen jemleýji bäsleşikde hem üstünlik hemram boldy. Muňa diýseň begenýärin, buýsanýaryn. Ýurdumyzda bilime aýratyn üns berýändigi, mugallymlaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda giň, döwrebap mümkinçilikleri döredýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyşlarymyň çägi ýokdur — diýip, mugallym Natalýa Saparowa şatlygyny beýan etdi.

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri. SURATDA: tejribeli mugallym Natalýa Saparowa. Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.