Döwrebap hyzmatlar — täze mümkinçilikler

28 Aprel 2021
1205

Döwlet Baştutanymyzyň maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary Türkmenistanyň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklaryndan ugur almak bilen kesgitlenilýär. Önümçilige maýa goýum serişdeleriniň çekilmegi diňe bir halk hojalygynyň esasy pudaklaryny we ulgamlaryny ösdürmegiň maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, ýurdumyzyň önüm öndürijilerini, şol sanda hususy önüm öndürijilerini goldamaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän harytlaryň hasabyna ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem kömek edýär.

Kiçi we orta telekeçiligi, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ösdürmek häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň esasy maksatlary täze iş orunlaryny döretmek arkaly haryt bazaryny ýerli önümler bilen üpjün etmek, bäsdeşligi ösdürmek, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak hem-de telekeçilik birlikleriniň işiniň ýurt üçin ileri tutulýan ugurlaryny ilerletmek bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Oba hojalygy ulgamynda hususy telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak wajyp ähmiýete eýedir. Bank ulgamy bu işe mynasyp goşant goşýar.

Enejan BÄŞOWA,
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Meýilleşdiriş we seljeriş müdirliginiň baş hünärmeni.