Ylym we tehnologiýa ösdürilýär

27 Aprel 2021
1240

Dünýäde ylym we tehnologiýa batly depginler bilen ösýär. Ylmy-tehnologik açyşlar jemgyýeti hem özgerdýär, ösdürýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde, aýratyn hem, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ähmiýeti barha artýar. Maglumat tehnologiýalary maglumatlary öwrenmek, ýygnamak, olary täzeçe işlemek, ýatda saklamak we gözlemek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär. Durnukly ösüşi nazarlaýan döwrümizde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bize uzak zatlary ýakynlaşdyrýar, görünmeýän zatlary gözümiziň alnyna getirýär, kyn işleri ýeňilleşdirýär. Şeýle hem ylmy-tehniki ösüşi çaltlandyrýar. Ol täze oýlap tapyşlaryň ýüze çykmagyna amatly şertler döredýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde, sanly ulgam jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylýar. Şundan görnüşi ýaly, dünýädäki täze tehnikalardan we tehnologiýalardan baş çykaryp bilmek, ylmyň iň täze gazananlaryny öz wagtynda özleşdirmek döwrüň talabydyr. Bagtyýarlyk döwrümizde eziz Diýarymyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Welaýatlarda we paýtagtymyzda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň sanly bilim portallary döredildi we hereket edýär. Munuň özi talyplaryň okuwdan boş wagtlaryny netijeli geçirmäge ýardam edýär. Aşgabat şäherinde, welaýatlarda döwrebap bilim ojaklary hereket edýär. Olaryň ählisinde sapaklary multimedia serişdelerini peýdalanyp, interaktiw usulda geçmäge mümkinçilik döredilýär. Okuw maglumatynyň multimedia serişdesini peýdalanmak arkaly interaktiw usulda geçilmegi sapagyň gyzykly, özüne çekiji, çuňňur özleşdirilmegine we okuwçylaryň döwrüň ösen tehnikasynyň mümkinçiligine akyl ýetirmegine kömek edýär.

Röwşen ÇERKEZOW,
Akdepe etrabyndaky 48-nji orta mekdebiň mugallymy.