Sanly ulgam ösüş ýolunda

26 Aprel 2021
1066

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, kemala getirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndan orun almagy buýsandyrýar hem-de ata Watanymyzyň şan-şöhratyny ýene-de artdyrmakda ýaşlarymyzyň öňünde örän belent hem jogapkärli wezipeleri goýýar. Ýurdumyzda ertirki günümiziň eýeleri bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrebap bilim, terbiýe bermek, zehinli, giň dünýägaraýyşly, şonuň bilen bir hatarda häzirki zaman ösen tehnologiýalaryna erk edip bilýän kämil ýaşlary kemala getirmek meselelerine ýokary derejede üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösmegi bilen, okuwçy ýaşlarymyzdan başlap talyplarymyza bilim bermekde sanly bilim ulgamynyň giňişleýin ornaşdyrylmagy berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagynda, öwredilýän sapaklary ýaşlaryň çuňňur özleşdirmeginde örän uly ähmiýete eýe bolup durýar. Orta mekdeplerde okuwçylara sapaklar sanly bilim ulgamy arkaly suratlaryň kömegi bilen düşündirilýär. Sanly bilim ulgamynyň ýaýbaňlandyrylmagy dünýä ykdysadyýetiniň ösmegine giň ýol açýar. Bagtyýarlyk döwrümizde ähli babatda ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallalary bilen, ähli ugurlarda sanly bilim ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanylmagy we bu babatda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi ýola goýuldy. Mundan başga-da islendik pudakda, edara-kärhanada iş kagyzlarynyň, maglumatlaryň, resminamalaryň elektron görnüşe geçirilmegi işgärleriň işlerini köp babatda ýeňilleşdirýär we işlemäge has oňaýly şertleri döredýär. Resminamalaryň aýawly saklanylmagynda, has anyk, takyk ölçegleri hasaplamakda dürli hilli hyzmatlardan peýdalanmakda, wagt tygşytlamakda hem sanly bilim ulgamynyň hyzmatlary aýratyn bellärliklidir.

Meýlis SAPAROW,
Daşoguz şäherindäki 9-njy orta mekdebiň mugallymy.