Kitap — hazyna

26 Aprel 2021
1128

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz ösýär, gazanylýan ajaýyp üstünlikler umyt-arzuwlaryňy ganatlandyrýar, galkynýan göwünlere ruhubelentlik çaýýar. Hormatly Arkadagymyz ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda uly aladalary edýär. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary biziň üçin uly gollanma bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi ösdürmekde bitiren beýik işleri, döredijilik äleminde ählimize görelde bolmagy, kitap önümçiligini, neşirýat, çaphana işlerini aýratyn üns merkezinde saklamagy bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemegini üpjün etdi. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Ile döwlet geler bolsa...», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» we beýleki ençeme eserleri ýaşlarymyzyň söýüp okaýan kitaplaryna öwrüldi. Bu ajaýyp eserler mähriban halkymyzyň egsilmez ruhy baýlygyny özünde jemleýär.

Kitap hakyky hazynadyr we bilimiň açarydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitabynda şeýle pähimler bar: «Kitap okaýanyň ruhy baý», «Kitap ene-ataň ýaly terbiýeçidir», «Kitap okamaýan görenini görer, kitap okaýan dünýäni görer». Bu dana sözlerde uly many bar. Kitap okamak dünýädäki iň ajaýyp zatlaryň biridir. Kitap egsilmez hazynadyr. Ol adamyň elinden alyp bolmajak iň gowy mümkinçilik we aýratyn gymmatlykdyr. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplar biziň her birimiz üçin akyl çeşmesi bolup durýar.

Güljahan DAWYDOWA,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby.