Polietilen haltalar: Farapdan dünýä bazaryna

26 Aprel 2021
1252

2019-njy ýylyň tomsunda esaslandyrylan «Rysgally gap» hususy kärhanasynyň önümçilige girişenine şu ýylyň ýanwarynda bir ýyl dolýar. Muňa garamazdan, bu hususy kärhanada öndürilýän polietilen haltalaryň eksport bazary barha giňeýär.

Bir ýaşly önümçilik
Mundan 13 ýyl ozal döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sany 26 müňden geçdi. Olaryň müňlerçesi öz işlerini biziň welaýatymyzda alyp barýarlar. Şolaryň biri hem «Rysgally gap» hususy kärhanasydyr.