Okadýan VI synpymda edebiýat sapagynda bedewler bilen baglanyşykly temany geçenimde çeper eserlerden, hormatly Prezidentimiziň kitaplaryndan hem peýdalanýaryn.
Hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer» romanynda türkmen atlaryna uly ornuň degişlidigi baradaky gürrüňler Anna aganyň «Akyl sandyklarynyň» hazynasynyň bir ülşüne öwrülýär. Onda Mämiş seýis baradaky gürrüňlerem özbaşyna bir dessan. Ol seýisleýän atyny aýlawda diňe özi çapar eken. Onuň seýisçilik syrlary barada hem her dürli gürrüňler sada oba ilatynyň dillerinden düşmändir. Bu eser boýunça okuwçylaryma özbaşdak okap gelmeklerini öýe iş tabşyrdym. Çagalar uly höwes bilen kitabyň bölümlerini okadylar. Gürrüň berdiler.