Dostluk köprüsi

22 Aprel 2021
1100

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäheriniň M.W.Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň bilelikde guramagynda «Lomonosow — 2021» atly ýaş mugallymlaryň, alymlaryň we talyplaryň arasynda onlaýn görnüşinde halkara ylmy maslahaty geçirildi. Daşary ýurtlaryň sungatyň dürli görnüşleri boýunça tälim berýän ençeme ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda dürli çykyşlara tomaşa edildi.

Maslahata gatnaşyjylar dostlukly halklar bilen tejribe alyşmakda, milli aýdym-saz sungatymyzy dünýä tanatmakda döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýtdylar.