Iňlis dilini öwretmekde kompýuterlerden peýdalanmagyň ähmiýeti

13 Aprel 2021
1277

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda bilim ulgamynyň işiniň netijeliliginiň ýokary bolmagyna yzygiderli üns berilýär. Muňa daşary ýurt önümleriniň ornuny tutup bilýän «Bilimli» noutbuk kompýuterleriniň ýurdumyzda öndürilip başlanmagy we her ýyl däbe öwrülen 1-nji synpa okuwa barýan körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat berilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz mekdepleriň işiniň döwrebaplaşdyrylmagyna, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň milli ölçeglere we halkara ülňülere laýyk getirilmegine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň uly ösüşlere eýe bolýandygyny orta we ýokary okuw mekdeplerde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylýanlygynda hem görmek bolýar. Häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda kompýuter tehnologiýasynyň mümkinçiliginden giňden peýdalanylýar. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde ulanylýan döwrebap serişdeleriň biri hem kompýuterlerdir.

Bahargül GURBANGULYÝEWA,
Bäherden etrabyndaky ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiň mugallymy.