Edebiýat sapagynda watan waspy

13 Aprel 2021
1163

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Halkymyzyň geçmişini bilýän, döwletimiziň şu günki ýeten belentliklerine guwanýan jemgyýete, maşgala, dogan-garyndaşa, dost-ýara wepaly, ylymly-bilimli, Berkarar döwletimizi beýgeltmäge ukyply, hakyky watansöýüji nesilleri ýetişdirmek biziň baş maksadymyzdyr» diýip belleýär. Häzirki döwürde döwrebap ýaşlary terbiýelemek mugallymlaryň paýyna düşýär. Mugallym okuwçylarda Watana bolan söýgini, geçmişini öwrenmäge bolan islegi artdyrmak üçin ähmiýetli sapaklary guramalydyr.

10-njy synplarda edebiýat sapagynda türkmeniň görnükli şahyry, terjimeçi, frontçy «Çary Aşyrowyň ömri we döredijiligi» atly temany geçenimde, şahyryň ömür ýoly bilen döredijiliginiň aýrylmaz baglanyşyklydygyny okuwçylara giňişleýin düşündirýärin.

Şatlyk JEPBAROW,
Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.