Şirin owazly gyzjagaz (Siziň deň-duşuňyz)

12 Aprel 2021
1421

Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň sungata bolan höwesini artdyrmak, ukyp-başarnygyny kämilleşdirmek maksady bilen dürli döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň hatarynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 1 — 4-nji synplarynda okaýan gyzlaryň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşigiň ýylyň-ýylyna yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrüldi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyndaky bu bäsleşigiň döwlet tapgyry hem diýseň çekeleşikli, gyzykly bolup, oňa gatnaşan gyzjagazlaryň her bir çykyşy dabaranyň myhmanlarynda uly täsir galdyrdy. Iň aýgytlaýjy tapgyryna gatnaşan zehinlije gyzjagazlaryň arasynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Jeýran Merdanowanyň hem bolmagy diýseň buýsandyryjy. Ol bäsleşikde ikinji orna mynasyp bolup, Tylla Öwezowanyň sazyna we Hudaýguly Gurbanowyň sözlerine döredilen «Bagtyýar çagalar» atly aýdymy bilen dabara gatnaşanlaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Maral AKMYRADOWA,
«Nesil».