Toý-baýramly Çandybil

12 Aprel 2021
976

Adam elmydama gözellige, özgerişlige teşne bolýar. Berkarar Diýarymyz, gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen beýik özgertmeleriň, gurmagyň we döretmegiň şöhratly döwrüni başdan geçirip, täze taryha girýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýylynyň içinde edilen işlere nazar aýlanyňda-da geçen sanlyja ýylyň özi muňa kemsiz göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Aşgabat şäherinde amala aşyrylan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Gurlup ulanylmaga berlen senagat desgalary, medeni-durmuş maksatly kaşaň binalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumlary milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň aýdyň dabaralanmasydyr. Diňe soňky birnäçe ýylyň içinde Aşgabat şäheriniň çäginde gurlup ulanylmaga berlen binalardyr desgalary sanasaň sogaby bar diýleni. Aşgabady ösdürmegiň 15-nji we 16-njy tapgyrlarynyň çäklerinde gurlan ymaratlar aýratyn gözegelüwliligi bilen köpleriň söýgüsine mynasyp boldy. Häzirki wagtda şeýle ajaýyp binalaryň ýene-de onlarçasynyň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Bu ymaratlaryň türkmen telekeçileri tarapyndan bina edilýändigini bellemek aýratyn buýsançlydyr. Ynha, hut düýn bolsa milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan paýtagtymyzyň gözel künjeginde, Çandybil şaýolunyň ugrunda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze döwrebap binalarynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy aýratyn guwandyryjy wakalaryň biri boldy.

Serdar RAÝIMBAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.