Üstünlik başarnyga bagly

12 Aprel 2021
1010

Mähriban Prezidentimiz ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň dünýä ülňülerine laýyk derejä ýetirilmek wezipesini öňde goýdy. Döwlet Baştutanymyzyň öňe süren bilim syýasaty abadan geljegimizi nazarlaýan parasatly syýasatdyr.

Mälim bolşy ýaly, bu syýasat jogapkärçiligi öňe çykarýar. Şu jogapkärçiligiň talabyndan ugur alyp, ýaş nesle durnukly bilim berip ajap eýýamymyzyň mynasyp neslini kemala getirmekde ähli tagallalary edýäris. Aslynda, döwletimiz bilim işgärlerine ösüp gelýän nesliň bilim-terbiýe berilmegini ynanmak bilen, bize uly ynam bildirýär.