Bilim bermegiň ygtybarly ugry

11 Aprel 2021
1162

Beýik ösüşler bilen nurana geljegine barýan ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işleri giň gerime eýe bolýar. Çagalar ak mekdebiň gapysyndan ätlän ilkinji pursatlaryndan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ellerine okuw üçin ýörite kompýuterleri sowgat alýarlar. Munuň özi ýaş nesliň döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmagyna hem-de geçýän okuw derslerini täsirli özleşdirmegine ýakyndan kömek edýär. Şeýlelikde, eziz Diýarymyz innowasiýalary, kompýuter tehnologiýalaryny peýdalanmagyň hem-de goşmaça elektron hyzmatlarynyň hasabyna sanly bilimi, ykdysadyýeti ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» maksady bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmekden, döwrebap bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen elýeterli üpjün etmekden, sanly tehnologiýadan peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň hiliniň mazmunyny çuňlaşdyrmakdan, döwrebap bilim bermegiň hiliniň halkara derejesine laýyk bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bu ugurdan netijeli işler alnyp barylýar. Ondaky guralýan sergileriň, maslahatlaryň we tutumy giň beýleki çäreleriň maglumatlarynyň halkara derejedäki alyş-çalşygyny üpjün etmäge ýardam berýär. Şonuň ýaly-da, ýokary okuw mekdeplerinde döredilen bilim portallary netijeli işleri alyp barmaga, işiň ilerlemegine giň mümkinçilik berýär.

Maýa ARAZGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.