Täsirli okuwlar guralýar

11 Aprel 2021
1011

Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlara berilýän bilim-terbiýe döwrüň talabyna we şöhratly pederlerimiziň döreden dünýä nusgalyk ýörelgelerine kybap gelmelidir. Munuň üçin bolsa milli bilim ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklaryny nazarda tutup, bilim-terbiýeçilik işleriniň guramaçylyk derejesine, ýaşlaryň häzirki zaman ylmyndan, täzeçil usullardan ussatlyk bilen baş çykaryp bilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir» diýip belleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän ýylymyz tutumly işlere, uly ösüşlere beslenýär. Bu ýylda biziň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebimizde hem netijeli işler alnyp barylýar.

Maýa ABDULLAÝEWA,
Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň mugallymy.