Çaganyň ukybyny kämilleşdirmek

11 Aprel 2021
1369

Ylmy açyşlaryň, tehnologik oýlap tapyşlaryň durmuşymyzyň ähli ugurlaryna tapgyrma-tapgyr ornaşýan döwründe halkyň bilime, ylma bolan islegini kanagatlandyrmak, ýaş nesillerimizde milli aňyýeti, milli medeniýeti ösdürmek, Watana söýgini, sarpany kiçi ýaşlaryndan kemala getirmek, çaganyň zehinini açmak bilim ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Bu işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy bilim ulgamynyň yzygider ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.

Bilim özgertmeleri çaganyň şahsyýet bolup ýetişmegi, onuň ruhy taýdan sagdyn bolmagy bilen baglanyşykly wezipeleri durmuşa geçirmäge giň ýoly açdy. Irki ösüş Maksatnamasynda körpeleriň mekdebe ýokary derejede taýýarlanylmalydygy, olaryň tebigy zehinini açmak we ösdürmek işleriniň alnyp barylmalydygy hakynda bellenilýär. Bu işleriň bilimiň hilini ýokarlandyrýandygy, körpeleriň tebigy zehinini açmak we ösdürmek maksady bilen, okuwdan daşary goşmaça bilim bermek (çeper-döredijilik we ösdüriji gurnaklary) işini ýola goýýandygy, bilim we terbiýe bermegiň utgaşdyrylan iş usullaryny kämilleşdirýändigi aýdylýar. Bu wezipeler çaganyň ukybyna, zehinine seljerme berip, her bir çaganyň gyzyklanýan ugurlary boýunça okatmagyň netijeli usullarynyň, sapaklaryň dürli görnüşleriniň ulanylmalydygyny, zehininiň talap edýän ugry boýunça gurnaklaryň açylmalydygyny salgy berýär. Netijeli usullar çaganyň döredijilikli çemeleşmesini ýüze çykarýar, zehinini ösdürýär, şahsy özbaşdak ösüş başarnygyny kämilleşdirýär.

Ogulmaral MATALOWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň müdiri.