Güllere beslenýär bilim daragty

9 Aprel 2021
1108

Welaýatymyzyň 10-njy synp okuwçylary «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyrynda baýrakly orunlaryň 22-sini eýelediler

Öň gazetimizde habar berşimiz ýaly, üstümizdäki hepdäniň duşenbe güni Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň usuly-okuw merkezinde umumybilim berýän orta mekdepleriň 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyry geçirildi. Ilkinji gezek sanly ulgam arkaly onlaýn usulynda guralan bäsleşige lebaply ýaşlaryň hem ellä golaýy gatnaşdy. Ildeşlerimiz her ýyl däbe öwrülip geçirilýän bäsleşikde örän şowly çykyş edip, baýrakly orunlaryň 22-sini eýelediler. Bu bolsa welaýatymyzda ýaş nesle zamanabap bilim, asylly terbiýe bermekde, olaryň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny baýlaşdyrmakda görnetin öňegidişlikleriň gazanylýandygyna güwä geçýär.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz.