Dil bilen dünýä açylýar

9 Aprel 2021
1139

Berkarar döwletimiziň syýasatynda ýurdumyzyň durnukly ösüşine, onuň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyna, bilim ulgamynyň halkara derejä çykarylmagyna, iň esasysy bolsa mynasyp ýaş nesliň terbiýelenilmegine möhüm üns berilýär.

Halkymyzda “Dil — döwlet” diýen pähim bar. Dil, adamlaryň arasynda bolşy ýaly, halkara gatnaşyklarda hem möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Ol jemgyýetçilik aňyýetindäki öňdebaryjy pikirleriň, döredijilikli işiň hem möhüm serişdesidir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil derejede bilmegi babatda köpugurly tagallalary edýär. Özi-de şol tagallalaryň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýandygyny nygtamalydyrys. Bilimiň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini bilşiniň ýokary derejesini gazanmak, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak wajyp wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şol wezipäniň üstünlikli amal edilmeginde 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” möhüm orun degişlidir. Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň gerimini giňeltmek işleri dowam etdirilýär.

Maral KULIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory.