Ylym-bilim — berk binýat

8 Aprel 2021
1086

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler bu gün bütin dünýäni haýrana goýýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda durmuşyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, halkyň hal-ýagdaýyny, durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, obalary, şäherleri döretmek, ykdysadyýeti, medeniýeti ýokary derejelere galdyrmak bilen bagly alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. Ýurdumyzda güýçli depginde alnyp barylýan gurluşyklar, ulanylmaga berilýän durmuş maksatly binalar halkymyzyň döwrebap ýaşamagy, okamagy, bilim almagy bilen bagly aladalardan gözbaş alýar.

Ýurdumyzda ylym, bilim ojaklarynyň sanynyň artmagy, olarda döwletimiziň gülläp ösmegi üçin ökde hünärmenleriň taýýarlanmagy diňe bir Türkmenistan döwletimiziň geljegini dabaralandyrýan ösüşler bolman, eýsem bu özgerişlikler ýurduň her bir raýatynyň ylymly, bilimli bolmaga bolan islegleriniň hasyl bolmagyny kepillendirýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň hatarynda ylym-bilim özgertmeleri aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ulgamda ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň ruhuny belende göterýär. Şol belent sepgitler geljekde Berkarar döwletimizde kämil hünärmenleriň ösüp ýetişjekdigini aýdyň görkezýär.

Gülnar TEKÄÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylym bölüminiň esasy hünärmeni.