Görelde sapagyny guramak

8 Aprel 2021
2059

Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 6-njy synpynda fiziki geografiýa okuw dersinde okuwçylar Ýer üstüniň şekillendirilişi, geografik karta, Ýeriň gurluşy, Ýeriň bardalary, gidrosfera, atmosfera, biosfera, dünýäniň syýasy kartasy we ondaky käbir döwletler barada gysgaça tanyş bolýarlar. Olaryň geografiýa ylmyna bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, 6-njy synpda «Buzluklar» diýen tema boýunça görelde sapagyny guradym.

Okuwçylardan öý işini, ýagny «Köller» diýen temany soranymda ilki bilen, depderlerine dünýäde bar bolan kölleriň atlaryny geografik atlaslardan, kartalardan we kitaplardan peýdalanyp, ýazyp gelendiklerini barladym. Soňra okuwçylaryň käbiri kölleriň atlaryny, olaryň haýsy materikde, nirede ýerleşýändigini ýatdan aýdyp berdiler. Soňra «Köller» temasy boýunça kölleriň sudury şekilleri arkaly soradym. Şonda okuwçylar Baýkal köli, Titikaka köli, Sarygamyş köli barada gürrüň berdiler. Dil üsti arkaly hem okuw kitaby boýunça okuwçylardan öý işini soradym. Geçilen sapagy jemläp, soňra «Buzluklar» diýen täze temany okuwçylara düşündirdim.

Nurlybaý KARAÝEW,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň mugallymy.