Ýurdumyzyň röwşen geljegi

8 Aprel 2021
1163

Gün-günden ösýän we özgerýän Türkmenistan Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, bilime, ylma uly üns berilýär. Bilim ojaklarynda berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagy ugrunda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde sapaklaryň interaktiw görnüşde geçilmegi talyp ýaşlaryň dünýägaraýyşlarynyň has hem giňemegine ýardam berýär. Olar kärhanalardaky we önümçilik edaralaryndaky tehnikalary we tehnologiýalary okuw binasynyň çäginden çykmazdan olaryň suratlarynyň, şeýle-de tanyşdyrylyş wideoýazgylarynyň üsti bilen öwrenip bilýärler.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Sanly elektronika we elektrotehnika» kafedrasynda «Mikroelektronika we ýarymgeçiriji abzallar» hünäri boýunça bilim alýan ýaşlar hem geljekde ele aljak hünärleriniň inçe syrlary we hünärlerine degişli tehnologiýalar bilen interaktiw usulda has ýakyndan tanyşýarlar. Ýurdumyzda mikroelektronikany ösdürmek maksady bilen, ýakyn geljekde mikroelektronika hünärini kämil ýagdaýda ele aljak talyplary ýetişdirmek ugrunda mugallymlarymyz okuw işlerini alyp barýarlar.

Abdylsapa ÖWEZLIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.