Sanly ulgamyň bilimi ösdürmekdäki ähmiýeti

8 Aprel 2021
1194

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň iň möhüm, ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitledi.

Ýurdumyzda sanly ulgama işjeň geçilmegi bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak sanly, döwrebap tehnologik we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň we ulanylmagynyň hasabyna amala aşyrylýar. Sanly ulgama tapgyrlaýyn we meýilnamalaýyn geçilmegi dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ösen ulgamyna goşulmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Gülbahar TÄÇGULYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.