Çaga terbiýesi we oýunlar

8 Aprel 2021
2053

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaş nesil baradaky alada maşgaladan, çagalar bagyndan başlanýar. Çaga nirede bolsa-da ony oýnawaçsyz, oýunsyz göz öňüňe getirip bolanok, sebäbi çaga näçe hereketde bolsa, şonça-da onuň beden we aň taýdan ösüşi üçin peýdalydyr. Çaga durmuşynda oýunlaryň uly ähmiýeti bar, şolaryň üsti bilen ol ulalýar, kemala gelýär. Körpeler daş-töweregini oýnuň üsti bilen has ýakyn kabul edýärler, kähalatlarda hakykatyň we oýnuň aratapawudyny hem aňmaýarlar, saýgarmaýarlar, sebäbi çaganyň duýujylyk tejribesi ýeterlik bolmaýar. Çagalar üçin oýun özboluşly türgenleşik bolup durýar, oýnuň gidişinde başyndan geçirenlerini, kabul eden maglumatlary, netijede, toplan tejribesini durmuşda aňsatlyk bilen özleşdirýärler. Irki ösüş döwründe çaga, esasan, oýnuň üsti bilen terbiýelense, geljekde ukyply, başarnykly, düşünjeli, edepli-ekramly şahsyýet bolup kemala gelýär.

Adatça, çaga terbiýesinde dürli görnüşli oýunlardan peýdalanylýar, emma olar çaganyň irki ösüşiniň görnüşleri we ýaş aýratynlyklar boýunça tertiplenende, netijeliligi ýokary bolýar. Çaganyň irki ösüşinden ugur alnanda terbiýäniň guraly bolan oýunlar we oýnawaçlar şulara bölünýär. Ýagny, aň ösüşi — çagalaryň pikirleniş ukybyny ösdürýän oýunlar, durmuş ösüşi — sahnalaşdyrylan oýunlar hem-de beden ösüşi — hereketli oýunlar.

Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.