Ylym — ösüşleriň binýady

6 Aprel 2021
1049

Ynsanyň akyly bilen ylymda we tehnikada gazanylan bedew batly ösüşler adamzada giňişleýin hyzmat edýär. Bilim, ylym babatynda gazanylýan belent sepgitler halklaryň, ýurtlaryň dostana gatnaşyklaryna hem binýat bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan şeýle ösüşler durmuşymyzyň manysyna öwrülip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni bezeýär.

Bäş müňýyllyk şöhratly taryhynda ylym, binagärlik babatda meşhurlyk gazanan türkmen halky döredýär, gurýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ýokary göterilip, ylym-bilimiň barha rowaçlanyp, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň gowulanyp, halkymyzyň medeni-ruhy taýdan kämil ösüşleri gazanmagyň ýolunda aýgytly we ynamly möhüm ädimleri ädýändigine şaýatlyk edýär. Ata Watanymyzyň gadymy şöhratyny, bu günki ýeten belent derejelerini äleme ýaýýar. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kämil hünärli, arassa ahlakly, halkyna, Watanyna wepaly ýaş hünärmenleri taýýarlamak üçin maksatnamalaýyn döwrebap işler durmuşa giňişleýin ornaşdyrylýar.

Muhammetberdi GURBANOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.