Göreldeli işler alnyp barylýar

6 Aprel 2021
1126

Söhbetdeşligimiziň başynda Gülnar mugallymyň aýdan gürrüňleri aýratyn täsir etdi. Ol: «Heniz ýaş hünärmen wagtymyzda halypa mugallymlaryň beren maslahatlary ýadyma düşýär. Mugallymyň kalby, dili arassa, ýüregi nurana bolmaly. Kalbyňda sähelçe gaharyň, öýkäň-kinäň bar bolsa, gözüňe garaýan garagöz çagalar seni okap oturandyrlar. Şeýle ýagdaýda sapak bermek, edil süpürilmedik tagtada hat ýazan ýaly bolar» diýen sözleri ýatlady. Hakykatdan-da, mugallym bolmak ýeňil-ýelpaý iş ýaly bolup görünse-de, onuň çylşyrymly ýollaryny geçmelidigi we hemişe öz üstüňde işläp ýörmelidigi hakynda pedagogik kitaplardan okan setirlerim we gürrüňdeş bolan mugallymlarymyň getirýän birnäçe durmuş mysallary subut edýär. Şahyrlaryň biriniň goşgusynda şeýle setirler bar:

Dutary köpler çalar, ýasar müňden bir adam.
Guýy suwy ne ajaýyp, gazar müňden bir adam.
Müňläp kişi sowatly, alym bolar bir adam.
Tapawudy Ýer-gök deý, arman adyň bir Adam.

Şähribossan ÖWEZOWA,
«Mugallymlar gazeti».