Belent maksat borçlandyrýar

5 Aprel 2021
1028

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hemmetaraplaýyn sagdyn, ruhubelent, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleri mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzda bina edilen ylym-bilim ojaklarynyň, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni-sport toplumlarynyň hyzmatyndan ösüp gelýän ýaş nesillerimiz netijeli peýdalanýarlar. Olarda dünýäniň ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän şertleriň bolmagy, şeýle-de ýola goýlan işleriň yzygiderli kämilleşdirilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň berýän maslahatlary, öňe sürýän anyk başlangyçlary eziz Diýarymyzyň mynasyp ýaş nesillerini kemala getirmekde iňňän uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bagtyýar ýaşlarymyzda şöhratly geçmişimize, eşretli durmuşymyza hem-de röwşen geljegimize bolan belent buýsanjy kemala getirmekde edýän taýsyz tagallalaryndan, pähim--parasata ýugrulan watançylyk sargytlaryndan ugur alyp, biz beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýerlerde wagyz-ündew işlerini döwrebap derejede ýaýbaňlandyrýarys.

Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyňň Esenguly etrap geňeşiniň başlygy.