Ylym-bilim jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir

4 Aprel 2021
1640

Dünýäde ylym-bilim, ylmy açyşlar, tehniki oýlap tapyşlar ösüşleriň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde ykrar edilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym, bilim ulgamlary döwlet durmuşynyň esasy ugry hasaplanýar.

Milli ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw giňelýär, barlaglary, tejribe-synag we tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek işi kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijelerini durmuşa ornaşdyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmäge berýän ünsi netijesinde ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar, şol sanda internetiň we elektron kitaphanalaryň ýokary mümkinçilikleri üpjün edilýär.

Aýjeren TAGANDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.