Bäsleşik gyzykly geçdi

4 Aprel 2021
1148

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky 89-njy orta mekdepde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşik diýseň gyzykly geçdi. Netijede, ýeňijiler yglan edilip, olara Hormat haty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşikde 1, 2-nji orna mynasyp bolan okuwçylar onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýörite habarçymyz.